Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
[…]
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.
[…]

Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Şonuň ýaly-da, ol Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany özara birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegidir. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem bu ugur Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.
Çeşme: TDH









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


