Hytaýyň döwlet korporasiýasy SINOMACH, infrastruktura hem-de senagat gurluşygy ugurlarynda, şol sanda maýa goýum hem-de potrat taslamalaryny düzmek we ony doly gurmak boýunça Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada China Machinery Engineering Corporation (CMEC) hem-de China CAMC Engineering Co., Ltd. (CAMCE) kompaniýalarynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Wang Bo Aşgabada bolan iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakýýew bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, CAMCE-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy SINOMACH-yň Merkezi Aziýada infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda toplan tejribesini beýan etdi hem-de taslamalaryň ähli tapgyrlarynda — taslamalaşdyrmakdan başlap maliýeleşdirmäge çenli — toplumlaýyn çözgütleri hödürlemäge taýýardygyny belledi.
Mämmethan Çakyýew ulag-infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde CMEC-niň tejribesinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar senagat gurluşygy we nebithimiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Annamämmedow SINOMACH-yň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hem-de inženerçilik mümkinçilikleriniň Türkmenistanyň senagatyny döwrebaplaşdyrmakda we ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmeginde ähmiýetli goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Wang Bo 17–22-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana iş sapary bilen gelip, infrastruktura, energetika we senagat ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
CAMCE we CMEC kompaniýalary Hytaýyň döwlet korporasiýasy SINOMACH-yň düzümine girip, ol Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Hökümetine gönüden-göni tabyn bolan iň iri döwlet kärhanalarynyň biridir.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


