"Huawei" Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar

THP
"Huawei" Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar
“Türkmentel-2025” halkara maslahaty, 2025-nji ýylyň 12-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

"Huawei" kompaniýasynyň wekili hanym Han Sýaopin sanlylaşdyrmaga we ulag-aragatnaşyga bagyşlanan "Türkmentel-2025" halkara maslahatynda çykyş etdi. Ol kompaniýanyň Türkmenistanyň telekommunikasiýa torlaryny modernizasiýa etmekdäki ornyny belläp, strategiki milli taslamalara gatnaşýandygy üçin buýsanýandygyny aýtdy.

Çykyşynda "Huawei"-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýandygyny we iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Çykyşyň esasy bölegi "Huawei"-iň Arkadag «akylly şäherini» ösdürmäge gatnaşýandygynyň tassyklanmagy boldy. Hanym Han Sýaopin Huawei-iň diňe bir gurluşygyň birinji tapgyryna gatnaşman, eýsem iň soňky tehnologiki çözgütleri ulanyp, taslamanyň ikinji tapgyryna hem işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýlelik bilen, "Huawei" çaltlaşdyrylan sanly transformasiýa, torlary modernizasiýa etmek we "akylly şäherler" konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Çeşme:THP

2022