Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy noýabry, Daşkent, Özbegistan

Şu gün Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşýarlar.

Forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022