Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew (Surat: prezident.az)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlady.

APA agentliginiň habar bermegine görä, degişli beýanaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynda aýtdy.

“Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi ýurduňyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agzasy hökmünde goşulmagy bilen gutlaýaryn” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022