Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder

TDH
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: prezident.uz)

Türkmenistan Merkezi Aziýada agzybirligi, jebisligi we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýdyp, ýurdumyzyň adyndan Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli syýasy çärä ýolbaşçylyk etmegi kabul etdi.

«Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary üçin özüneçekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022