“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili goşmaça gündelik uçuş girizilýär. Uçuş wagty — 14:30, gonuş wagtda — 15:30. 12-nji dekabra çenli bu ugur boýunça her gün üç uçuş (T5-241, T5-245 we T5-247) ýerine ýetirilýär.
T5-113 belgili Aşgabat – Daşoguz gatnawyna hem üýtgeşme girizildi. 12-nji dekabra çenli Aşgabat – Daşoguz ugry boýunça uçuşlar her gün amala aşyrylar, 13-nji dekabrdan başlap uçuşlaryň sany hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.
Aşgabat – Mary, Aşgabat – Türkmenabat, Aşgabat – Balkanabat, Aşgabat – Kerki ugurlary boýunça uçuşlarynyň tertipleri öňküsi ýaly üýtgewsiz galýar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


