Hytaý Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekçi

BT
Hytaý Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekçi
Konteýnerli ýükleriň otla ýüklenilýän pursady (Surat: TULM)

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin anna güni «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşliginde, hytaý tarapynyň türkmen tarapy bilen ulag we kommunikasiýa boýunça özara baglanyşyklary has-da güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Pekin möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ynsanperwer taslamalaryň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy hem-de “Hytaý–Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlygy herekete getirmegiň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi maksat edinýär. 

Ilçi Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ýurduň ösüşine, şeýle hem sebitleýin durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşdy. Şeýle hem ilçi ýakyn wagtda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. 

Şol bir wagtda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň hem 30 ýyllygyna gabat gelýär. Ilçiniň bellemegine görä, soňky ýyllarda taraplar özara hyzmatdaşlygy ähli taraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirdiler.

Sözüniň ahyrynda Szi Şumin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, ýurdumyza mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

2022