Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder

BT
Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Тaýyp Ärdoganyň sapary, 2021-nji ýylyň 27–28-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 11–12-nji dekabrda Türkmenistana saparda bolar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Burhaneddin Duran aýtdy diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Saparyň çäklerinde Prezident Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumyna gatnaşar.

Forumyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem çärä gatnaşýan birnäçe döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem geler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022