Gruziýa türkmen tebigy gazynyň öz çäginden üstaşyr daşalmagyna taýýardygyny aýtdy. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda belledi.
Gruziýanyň Hökümetiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, üstaşyr-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem Ýewraziýanyň merkezi böleginden Gruziýanyň deňiz portlary arkaly orta geçelge boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Taraplar hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Gruziýanyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Tbilisä gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gruziýanyň Premýer-ministriniň geçen duşuşygy 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda, Awaza milli syýahatýylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň (LLDC3) çäklerinde geçirildi.









30704-90x604.jpg)








