Türkmenistan bilen Serbiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Serbiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
Serbiýanyň Nenad Popowiçiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiç bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara gyzyklanma döredýän ugurlar hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Taraplar şeýle hem işewürlik dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Serbiýanyň ministri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen Aşgabat şäherine geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС