Hazar deňziniň portlarynda “Bir deňiz penjiresi” ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär

BT
Hazar deňziniň portlarynda “Bir deňiz penjiresi” ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

2025-nji ýylyň 9-11-nji dekabr aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen “Caspian Ports and Logistics 2025” halkara sergisi we maslahatynyň çäklerinde Hazar deňziniň portlarynda “Bir deňiz penjiresi” (“Single Maritime Window”) başlangyjyny işe girizmek mümkinçiligine garaldy. Bu barada TRACECA (Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesi boýunça hökümetara kommisiýasy) çarşenbe güni habar berdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, bu ulgamyň Hazar deňziniň portlarynda ornaşdyrylmagy deňiz arkaly ýük daşamalarynda amallary resmileşdirmek işini has ýönekeýleşdirmäge, şeýle-de port edaralary, döwlet guramalary we hususy kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has sazlaşykly we çalt amala aşyrylmagyna ýardam berer.

“Bir deňiz penjiresi” döwlet edaralary bilen deňiz pudagynyň gatnaşyjylarynyň arasynda hökmany maglumatlaryň alyş-çalşygyny ýönekeýleşdirmek, şeýle-de gämi gatnawlarynyň uzak möhletleýin sanlylaşdyrylmagyny goldamak maksady bilen döredilen sanly ulgamydyr.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda peýdalanylýar.

2022