Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde anna güni arassalanan agyz suwuny öndürýän täze döwrebap kärhana açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taslama desgalary döwrebaplaşdyrmaga we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.
Türkmenistanistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenen ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, ýerli dolandyryş edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, hormatly ýaşulular we sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
“Gül Zaman” hojalyk jemgyýetine degişli kärhananyň ýyllyk kuwwaty 1,25 million dekalitr arassa agyz suwuna barabardyr. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa agyz suwy 0,33; 0,5; 0,75 we 1,5 litr göwrümli ýörite gaplara gaplanyp, “Zamana”, “Mermer”, “Durna” haryt nyşanlary bilen ilata ýetiriler. Täze kärhananyň işe girizilmegi bilen, oba ilaty üçin 50-ä golaý täze iş orny döredildi.
Şol gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Parahat” hususy kärhananyň çakyr kärhanasy hem açyldy. Bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Parahat” hususy kärhanasyna degişlidir.








30843-495x4352.jpeg)









