Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, awtomobil ulagynda ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany ýeňillikli resmileşdirmegiň talaplary we şertleri girizildi hem-de resminamalaryň toplumy kämilleşdirildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan fiziki we ýuridik şahslaryň resminamalary kabul edilip başlanar. Ýurduň welaýatlarynda aragatnaşyk ulgamy arkaly resminamalary kabul etmek mümkinçiligi döredildi.
Giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilendir— awtoulag.gov.tm.
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан


















