Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndan Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzalary we onuň ýanyna goşulýan resminamalary kabul edip başlady. Bu barada ministrligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Täze düzgünler pudaklaýyn kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Esasy üýtgeşme — hususy telekeçiler we kompaniýalar üçin resminamalaryň tabşyrlyş tertibiniň ýönekeýleşdirilmegi bolup, bu uzak aralykdan aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ornaşdyrylmagy arkaly üpjün edilýär.
Ygtyýarnama almak isleýänler arzalaryny uzak aralykdan tabşyrmagyň iki usulyndan peýdalanyp bilerler. Birinji usul arzany we onuň ýanyna goşulýan resminamalary, şeýle hem arzanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň asyl nusgasyndan surat (skaner) edilen görnüşini elektron CD diskde bukja salnyp salgylaryna poçta arkaly ugradylmaly. Bukjanyň Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine gowşurylan senesi arzanyň kabul edilen güni diýip hasap edilýär.
Ikinji usul — arzanyň we onuň ýanyna goşulýan resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ministrligiň resmi elektron salgysyna ugradylýar. “Resminamalaryňyz kabul edildi” diýip onlaýn jogap berlen senesi arzanyň kabul edilen güni diýip hasap edilýär. Ygtyýarnamanyň berlen pursatynda arzanyň asyl nusgasy hödürlenmelidir.
Resminamalaryň ýüzbe-ýüz kabul edilişi Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126 salgysynda guralandyr. Arzalar irden — sagat 10:00-dan 12:00-a çenli kabul edilýär, taýýarlanan ygtyýarnamalar bolsa günortan soň — sagat 15:00-dan 17:00-a çenli berilýär.






30843-495x4352.jpeg)











