Täjigistan we Özbegistan Hytaý–Ýewropa multimodal gatnaw ýoluny işe girizýär

BT
Täjigistan we Özbegistan Hytaý–Ýewropa multimodal gatnaw ýoluny işe girizýär
Ýük ulaglary

Täjigistan we Özbegistan Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa ugry boýunça multimodal ulag geçelgesiniň synag taslamasynyň amaly durmuşa geçirilmegine başlady.

Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, bu ulag geçelgesini işe girizmek baradaky çözgüt iki ýurduň ulag ministrleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edildi.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynda Özbegistandan doly ýüklenen on sany ýük awtoulagy Täjigistandan üstaşyr Hytaýa synag hökmünde ugradylar.

Taraplar täze multimodal ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryna bilelikde başlamak, şeýle hem ýük daşamalary üçin rugsatnamalaryň berilmegini elektron görnüşe geçirmek barada ylalaşdylar.

Bu ugur ilkinji gezek 2022-nji ýylda Duşenbe şäherinde sebit logistikasynyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahatda tanyşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022