Mahaçkala deňiz söwda porty 2026-njy ýylda Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyzstan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, Hytaýdan gelýän ýükleri Transhazar ulag geçelgesi arkaly geçirmek maksady bilen çäreleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Mahaçkala deňiz söwda porty ýekşenbe güni habar berdi.
Kärhana “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň çäginde Mumbaý — Mahaçkala ugry boýunça multimodal ýük daşamalarynda çykdajylary iki esse azaltmagy başardy.
Portyň ýük daşamagyň geografik ugurlary gündogar we günorta taraplara gönükdirilýär. Esasy hyzmatdaşlar Eýran, Hindistan, Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarydyr.
Mahaçkala porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň portlary bilen parom gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Mahaçkala deňiz söwda porty — Russiýanyň Hazar deňzindäki doňmaýan we çuň suwly portlarynyň biridir. Ol Günorta Russiýanyň ulag ulgamyny Merkezi Aziýanyň döwletleri, Eýran, Kawkaz hem-de sebitiň beýleki ýurtlary bilen baglanyşdyrýan strategik taýdan möhüm logistika nokadydyr.


















