Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän “Dik aý” hususy kärhanasy “Gündogar” haryt nyşanly täze görnüşli ýarym kakadylan şöhlatyň önümçiligine başlady.
Ýarym taýýar önümler yzygiderli ýerli söwda nokatlaryna ugradylýar we ol ilat arasynda uly islegden peýdalanylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni habar berildi.
Döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilen bu ärhanada 20-den gowrak dürli görnüşli şöhlat önümlerini öndürilýär. Olaryň hatarynda “Altyn şapak”, “Köýtendag”, “Älem”, “Gülzar”, “Hazar”, “Aşgabat” we “Marguş” ýaly haryt nyşanly önümler bar.
Kärhananyň şäher merkezindäki ýöriteleşdirilen “Şöhlat önümleri” dükanynda her günde takmynan 250 kilogram şöhlat önümleri satylýar. Bu ýerde şöhlat önümlerinden başga, süýt we süýt önümleri, gündelik isleg bildirilýän beýleki azyk önümleriniň hem birnäçe görnüşi ilata hödürlenýär.
Kärhana ýakynda Hytaýdan getirilen döwrebap ýarym awtomat enjamlar arkaly ýokary hilli mebel matraslarynyň önümçiligini hem başlady.


















