Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen Türkiýe Respublikasynyň Ilçisiniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda penşenbe güni duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirýän, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de migrasiýa boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş edarasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022