“Türkmennebit” DK-niň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy döwrebaplaşdyrlar

BT
“Türkmennebit” DK-niň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy döwrebaplaşdyrlar
Türkmenbaşy nebit gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Balkan welaýaty, Türkmenistan

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylar. Bu barada anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çykyş etdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy TNGIZT-iň esasy düzüm birligi bolup, ol demir ýol we deňiz ýollary arkaly nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we sarp edijilere yzygiderli ibermek işlerini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.   

Bu kärhananyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy nebit gaýtadan işleýiş önümleriniň kabul edilişini, saklanyşyny we ýüklenişini kämilleşdirmäge, şeýle hem ýurduň ulag logistika mümkinçiliklerini düýpli berkitmäge gönükdirilendir diýip, Batyr Amanow aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman talaplaryna laýyklykda nebiti gaýtadan işleýän senagatyň döwrebap derejede ösdürilýändigini belläp, öndürilýän nebit önümlerini sarp edijilere ygtybarly ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky teklibi goldap, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.    

Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 1943-nji ýylda esaslandyrylyp, ol ýerde etilirlenmedik awtomobil ýangyçlary, awiasiýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjy, mazudy, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, ýeňil gazoýl, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary, şeýle hem başga-da birnäçe nebit önümleri öndürilýär.

2022