Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň wekili geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy diýip, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.
“Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy öz halkara tejribesine we häzirki zaman tehnologik çözgütlerine daýanmak bilen, ýurduň senagat ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Şeýle hem kompaniýanyň wekili, “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýynyň häzirki wagtda giň amatly şertleri döredýändigine ýokary baha berýändigini aýtdy.
“Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribä eýe bolup, ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň gurluşygyna gatnaşdy. Zawod ýylda 1,8 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna ECO-93 görnüşli benzini, 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürýär.


















