BMG Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň jemleýji resminamalaryny neşir etdi

BT
BMG Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň jemleýji resminamalaryny neşir etdi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň başlygy Annalena Berbok BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan plenar mejlisinde, 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabry, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: BMG)

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilen iki möhüm halkara çäräniň jemlerini öz içine alýan resminamalary resmi ýagdaýda neşir edip, Baş Assambleýanyň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň 80-nji sessiýasynyň materiallarynyň hataryna goşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy sişenbe güni habar berdi.

Birinji resminama "Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek" atly halkara maslahatyň netijelerini öz içine alýar. Onda aýallaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, gender deňligini ösdürmek, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikinji resminama 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny öz içine alýar. Jarnamada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda dialogyň, özara ynamyň we bitaraplygyň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Bu resminamalaryň BMG-niň resmi ýazgylarynyň hataryna girizilmegi, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany bolup durýar hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

2022