FAO Türkmenistanda wekilhanasyny açar

BT
FAO Türkmenistanda wekilhanasyny açar
Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy, 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminama 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen FAO-nyň Baş direktory Sýu Dunýuýiniň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şeýle hem türkmen tarapy FAO bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek arkaly mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy, şeýle hem FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy bellediler.

Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça bilelikdäki sebitleýin maslahatlarynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu çäreler sebit ýurtlarynyň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

Duşuşykda durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler hem orun aldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary nygtaldy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan 1995-nji ýylda FAO-nyň agzalygyna goşuldy. Şondan bäri gurama ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň işini işjeň goldamak bilen, olaryň gurluş mümkinçiliklerini berkitmäge, statistik maglumatlaryň ýygnalyşyny kämilleşdirmäge we umumylykda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

2022