ABŞ-nyň Ýörite wekili sapar bilen Türkmenistana geler

BT
ABŞ-nyň Ýörite wekili sapar bilen Türkmenistana geler
ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili, 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwary, Nýu-Deli, Hindistan (Surat: AP)

ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili, ilçi Serjio Gor 22–23-nji ýanwar aralygynda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti çarşenbe güni habar berdi.

Saparyň çäklerinde ilçi Serjio Gor Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary iki ýurt üçin hem bähbitli boljak özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar etmegi meýilleşdirýär.

2022