BMGÖM Türkmenistana lukmançylyk galyndylaryny ýok etmäge niýetlenen enjamlary gowşurdy

BT
BMGÖM Türkmenistana lukmançylyk galyndylaryny ýok etmäge niýetlenen enjamlary gowşurdy
BMGÖM tarapyndan berlen lukmançylyk galyndylaryny ýok etmek üçin niýetlenen enjamlar (Surat: BMGÖM)

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine lukmançylyk galyndylaryny ýok etmek üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlaryny gowşurdy. Enjamlaryň umumy bahasy 1 million 10 müň ýewro deňdir. Bu barada BMGÖM penşenbe güni habar berdi.

Gaty lukmançylyk galyndylary üçin niýetlenen “Bertin Sterilwave 100” görnüşli ýedi enjam hem-de suwuk galyndylar üçin “Medister 160” görnüşli iki enjam merkezi we welaýat derejesindäki ýokanç keselleriniň öňüni alyş edaralaryna we merkezlerine iberildi.

Bu enjamlar ýokanç hem-de howply lukmançylyk galyndylaryny saglygy goraýyş edaralarynda gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda galyndylar ýerinde işlenip, adaty galyndy hökmünde ýok edilip bilinýän howpsuz serişdelerine öwrülýär.

Mundan ozal Aşgabat şäherindäki Sanitar-epidemiologik gözegçilik gullugyna hem-de Gan merkezine şeýle enjamlar gowşuruldy.

2022