Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini bellediler hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şeýle-de duşuşykda “Merkezi Aziýa — ABŞ” formatyndaky sammite gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn depginlerde ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022