Türkmenistan bilen Türkiýe kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maslahatlaşdy
Mekan Işangulyýewiň Gürsel Baran bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwary, Ankara, Türkiýe (Surat: tekha.com.tr)

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew penşenbe güni Ankara şäherinde Ankara Söwda-senagat palatasynyň başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça, şol sanda telekeçileriň sergilere we dürli forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, hususan-da energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem azyk senagaty ulgamyndaky özara gatnaşyklara garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle-de, duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022