Özbegistanyň “Safia” konditer önümleriniň tory türkmen bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjylaryndan Bekzod Samigjanow çarşenbe güni Daşkent şäherinde ilçiler bilen telekeçileriň arasynda geçirilen açyk dialogyň dowamynda mälim etdi. Bu barada “Spot.uz” neşiri habar berýär.
“Safia” kompaniýasynyň wekiliniň bellemegine görä, kompaniýa häzirki wagtda Gazagystanyň we Täjigistanyň bazarlarynda iş alyp barýar hem-de öz gatnaşygynyň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Geljekki ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan göz öňünde tutulýar.
Gazagystanda bu toryň takmynan 10 söwda nokadyny hereket edýär. Samigjanowyň aýtmagyna görä, bir ýylyň dowamynda “Safia” konditer önümleriniň eksportynyň möçberi 7–8 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
“Safia” kompaniýasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu toruň 145-den gowrak şahamçasy bar.


















