Türkmenistanyň işewür wekiliýeti söwda, maýa goýumlary we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Eswatini Patyşalygyna bardy.
Sapar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary resmi taýdan ýola goýmak boýunça gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geçirilýär. Bu barada “Eswatini Positive News” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Türkmen wekiliýetini Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu hem-de Içeri işler ministri, Şa zenany Lindiwe kabul etdi.
Duşuşyklaryň dowamynda taraplar maýa goýum dialogyny ösdürmäge, şeýle hem parahatçylygy goramak we durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara meýdançalarda özara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda ýola goýuldy.


















