Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

BT
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çärede çykyş edýär, 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwary, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Tbilisi şäherindäki Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Çärä gatnaşyjylar ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edilmegi maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýädäki dilleriň dürlüligini goldamaga gönükdirilen möhüm ädim bolup durýandygy bellediler.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow öz çykyşynda türki dilleri diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilleriň arasyndaky taryhy pelsepäni we halkyň şygyryýetini özünde saklaýan janly köprüdigini aýtdy. Şeýle-de bu baýramyň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine we türki dilleri gorap saklamaga, şeýle hem medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we pugtalanmagyna gönükdirilen bütindünýä dialogynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Türki dilleriniň maşgalasy türkmen, türk, gazak, özbek, azerbaýjan we beýleki dilleri öz içine alyp, takmynan 30 dili birleşdirýär hem-de olaryň jemi 200 milliondan gowrak sözleýjisi bar.

2022