Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa energetika boýunça iş toparyny döreder

BT
Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa energetika boýunça iş toparyny döreder
Türkmenistanyň energetika pudagy "ADIPEC 2023" sergisinde, 2023-nji ýylyň 2–5-nji oktýabry, Abu-Dabi, BAE

Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Russiýa Federasiýasy energetika ulgamy boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Bu çözgüt 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Moskwa şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatynda geçirilen bilermenleriň maslahatlaşmalarynyň jemleri boýunça kabul edildi.

Gazanylan ylalaşyk energiýa ulgamlary boýunça jogapkär edaralaryň gatnaşmagynda, ministr orunbasarlarynyň derejesinde iş toparyny döretmegi göz öňünde tutýar. Täze dörediljek iş toparyna Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň degişli energetika edaralarynyň wekilleri girer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrligi habar berdi.

Bu meýdança altytaraplaýyn formatda iş alyp barar we ýangyç-energetika toplumynda özara hyzmatdaşlyk meselelerine gönükdiriler.

Iş topary ýokary derejede tassyklanan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn işi alyp barmagyň täsirli guralyna öwrüler hem-de energetika pudagynda bilelikdäki taslamalaryň utgaşdyrylmagyny üpjün eder.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk meselelerine hem seretdiler. Bu meýilnama Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky ikinji sammitiň netijeleri boýunça tassyklanyldy, şeýle hem sebit döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan öňe sürlen başlangyçlary öz içine alýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji sammit 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi.

2022