Gymmat bahaly metallar bazary 2026-njy ýylyň başynda ösüş görkezýär

BT
Gymmat bahaly metallar bazary 2026-njy ýylyň başynda ösüş görkezýär
Altyn külçeleri

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda altynyň bahasy 2,7 göterim ýokarlanyp, bir unsiýasy 5 müň 564 ABŞ dollaryna ýetdi. Aýyň başyndan bäri altynyň bahasy takmynan 29 göterim artdy diýip, “Bloomberg” agentligi habar berýär.

2025-nji ýylda 148 göterim gymmatlan kümüş, şu ýylyň başyndan bäri hem ösüşini dowam etdirip, ýene-de 66 göterim artdy.

Bütindünýä altyn geňeşiň (WGC) 2025-nji ýyl üçin “Gold Demand Trends” hasabatyna görä, altyna bolan isleg rekord derejä — 5 002 tonna ýetdi.

Rekord görkezijili dördünji çärýek üstünlikli ýyly berkitdi: altyna goýlan maýa goýumlar 555 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bilermenler altynyň bahasynyň ýokarlanmagyny maliýe serişdelerini saklamagyň ygtybarly usuly hökmünde görülýän durnukly aktiwe bolan islegleriň artmagy bilen baglanyşykly diýip düşündirýärler.

 

2022