“Ojar Aziya” kompaniýasy Sarahs–Mary–Serhetabat awtobanynyň maýa goýum taslamasyny hödürleýär

BT
“Ojar Aziya” kompaniýasy Sarahs–Mary–Serhetabat awtobanynyň maýa goýum taslamasyny hödürleýär
Ojar Aziýa-nyň wekili IFT 2025-de Serahs-Mary-Serhetabat awtobany taslamasyny tanyşdyrýar, 2025-nji ýylyň 18-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

“Ojar Aziya” holdingi Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum infrastruktura taslamasynyň — Sarahs–Mary–Serhetabat (SMS) ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny amala aşyrmak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär.

Taslama laýyklykda meýilleşdirilýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy takmynan 450 kilometre barabar bolup, ol Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçer. Şeýle hem umumy uzynlygy 35 kilometre golaý bolan birikdiriji giriş-çykyş ýollarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly “Demirgazyk – Günorta”, “Lapis Lazuli” we “Gündogar – Günbatar” halkara ulag geçelgelerini özara baglanyşdyrýar hem-de Türkmenistanyň üsti bilen halkara ýük we ýolagçy gatnawlary üçin bitewi multimodal ulag ugruny döredýär.

Bu awtomobil ýoly Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa hem-de Ýewropa bazarlarynyň arasynda durnukly we netijeli ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Taslama ýurduň demir ýol ulgamy, deňiz portlary hem-de serhet infrastrukturasy bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bitewi ulag-logistika ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde işläp biler.

Taslamany maýa goýum esasynda durmuşa geçirmek teklip edilýär we onuň amala aşyrylmagynda döwlet býujetiniň serişdelerini ulanmak göz öňünde tutulmaýar. Awtobanyň ulanylyşy täjirçilik şertlerinde alnyp barylar: ýoldan peýdalanmak hem-de goşmaça hyzmatlar üçin tölegler bu ýoly saýlaýan hususy kompaniýalar, logistika operatorlary we ýük daşaýjylar tarapyndan amala aşyrylar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir eder. Hususan-da, logistika merkezleriniň, hyzmat ediş we ulag infrastrukturasynyň, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berer, şeýle hem täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, üstaşyr ýük akymlarynyň artmagy, işewürlik işjeňliginiň ýokarlanmagy we halkara söwda gatnaşyklarynyň giňelmegi arkaly goşmaça ykdysady täsir garaşylýar. Taslama Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da berkitmäge gönükdirilendir.

“Ojar Aziya” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 (12) 75 48 19

Elekron salgysy: info@ojar.asia, info@tmt.tm

Web sahypasy: https://ojar.asia/tm/

2022