2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň hem gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň komissary bilen gümrük ulgamynda iki taraplaýyn hem-de sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan resmi agşama gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, maglumat alyşmak, halkara maslahatlara we taslamalara gatnaşmak, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew türkmen wekilleriniň Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň okuw maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň koreý tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyk häzirki wagtda energetika, gämi gurluşygy, söwda, saglygy goraýyş hem-de medeniýet ulgamlaryny öz içine alýar. 2025-nji ýylda Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy açyldy.


















