Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hem özara pikir alyşdylar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Şu ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor hem-de ABŞ-nyň Guryýer goşun ministri Deniel Driskol Türkmenistana sapar amala aşyrdylar.







30976-495x4352.jpeg)
30975-495x4352.jpeg)









