Astronomlar ýaşaýyş üçin amatly bolup biljek täze planetany ýüze çykardylar

BT
Astronomlar ýaşaýyş üçin amatly bolup biljek täze planetany ýüze çykardylar
Ekzoplaneta “HD 137010 b” (Surat: Caltech/IPAC)

Halkara alymlar topary ýaşaýyş üçin amatly bolup biljek “HD 137010 b” atly ekzoplanetany ýüze çykardy. Bu planeta Ýerden takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Geçirilen barlagyň ylmy netijeleri “Astrophysical Journal” atly žurnalda çap edildi.

Alymlaryň bellemegine görä, “HD 137010 b” ölçegleri we orbitasy boýunça Ýere ýakyn bolup, Gün görnüşli ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. Ýyldyzyň ýeterlik derejede ýagty bolmagy geljekde planetany has giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berýär.

“HD 137010 b” planetasynyň radiusy Ýeriňkiden 6 göterim uludyr. Ol öz ýyldyzynyň daşyndan 355 günde bir gezek doly aýlanýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu planetanyň ýaşaýyş üçin amatly bolmak ähtimallygy takmynan 50 göterime deňdir.

Alymlaryň baha bermegine görä, “HD 137010 b” planetasynyň ýüzündäki temperatura minus 70 gradusdan hem aşak düşüp biler. Munuň sebäbi, onuň ýyldyzyň Gün bilen deňeşdirilende sowuk we az ýagty bolmagydyr.

Ekzoplanetanyň derejesi doly tassyklanan ýagdaýynda, “HD 137010 b” geljekki astronomik barlaglar üçin iň gyzykly barlag işleriniň birine öwrülip biler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022