2026-njy ýylyň ilkinji aýy: Türkmenistanyň wekiliýeti 65 ýurtda saparda boldy

BT
2026-njy ýylyň ilkinji aýy: Türkmenistanyň wekiliýeti 65 ýurtda saparda boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Hywa şäherinde iş saparynda, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 30 wekiliýetiň ýurda sapar bilen gelendigini, Türkmenistandan 65 wekiliýetiň daşary ýurtlara ugradylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 21-si geçirildi, Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 116-sy guraldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 12-si bilen ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabatda Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde sanly ulgam arkaly syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi, Aşgabatda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeleriň guralandygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Baş diplomaty ýanwar aýynda Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatyny gowşurandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ýurtda halkara çäreleri ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022