Mart: Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler

BT
Mart: Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) forumy, 2025-njy ýylyň 18-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forum 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “TMT Consulting Group” kompaniýasy habar berdi.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy dowam edip, bu telekeçilere çärä gatnaşmaklaryny öňünden meýilleşdirmäge, daşary ýurt hyzmatdaşlaryny çagyrmaga we maýa goýum başlangyçlaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlaryny çekmek boýunça bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

IFT 2026 forumy kiçi we orta telekeçilik hem-de daşary ýurt kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri döreder. Esasy ugurlar hökmünde senagat, agrobiznes, maldarçylyk, daýhançylyk, logistika, innowasiýalar we hususy pudagyň maýa goýum taslamalary kesgitlenendir.

Geçen ýyl geçirilen IFT forumyna 25 döwletden 500-den gowrak wekiliň gatnaşmagy, ýüzlerçe kompaniýanyň çekilmegi, 21 sany ylalaşygyň baglaşylmagy we 187 iş duşuşyklarynyň geçirilmegi halkara işewürlik jemgyýetiniň bu çärä bolan ýokary gyzyklanmasyny görkezdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022