Türkiýäniň “Mitaş Industry” kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

BT
Türkiýäniň “Mitaş Industry” kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Türkiýäniň “Mitaş Industry” kompaniýasy dolandyryjysy Irana Ýunusowa-Karabaçak, 2026-njy ýylyň 10-njy fewraly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýäniň “Mitaş Industry” kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň dolandyryjysy Irana Ýunusowa-Karabaçak sişenbe güni Aşgabat öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisinde habar berdi

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wekilhananyň açylmagy kompaniýa türkmen bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmäge hem-de ýurtda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uzak möhletleýin we durnukly çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda “Mitaş Industry” kompaniýasy isleg bildirilýän önümler sebite göni eksport edýär.

“Mitaş Industry” kompaniýasy energetika we telekommunikasiýa ulgamlary üçin çözgütleri hödürleýär. Irana Ýunusowa-Karabaçagyň aýtmagyna görä, holdingiň önümleri dünýäniň 145 ýurduna iberilýär, önümçilik kuwwatlyklary bolsa diňe Türkiýede däl, eýsem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada we Italiýada hem ýerleşýär.

Kompaniýa elektrik energiýasyny geçirmek we paýlamak üçin gurluşlary taslamak we öndürmek, täzelenýän energiýa çeşmeleriniň infrastrukturasyny ösdürmek, telekommunikasiýa diňlerini we ýyldyrym gorag ulgamlaryny döretmek, şeýle hem ulag pudagy üçin sütünleri we gurluşlary öndürmek bilen meşgullanýar.

2022