Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen duşuşyk, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni her ýylyň 11-nji fewralynda bellenilýär.

2022