Tailandyň Patyşasy sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

BT
Tailandyň Patyşasy sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär
Ilçi Muhammetnyýaz Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatyny gowşurýar, 2026-njy ýylyň 10-njy fewraly, Bangkok, Tailand

Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorn Ilçi M.Maşalowyň Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde patyşa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynda özüniň geljekde Türkmenistana sapar bilen barmak meýliniň bardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Ilçi M.Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Bangkok şäherinde geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaranyň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Tailandyň Patyşasyna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Patyşa Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmage bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra, Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bu ýurda täze bellenen Ilçileri bilen gysgaça gürrüňdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministri Ilçiniň diplomatik işini amal aşyrmakda ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

2022