Türkmen diplomaty Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

BT
Türkmen diplomaty Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 11-nji fewraly

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullygy habar berýär.

Duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Olar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Şeýle hem taraplar ykdysadyýet we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara we konsullyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Taraplar bar bolan gepleşikler mehanizmlerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar we olary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС