Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda 2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn gün tertibi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Köptaraplaýyn platformalaryň, hususan-da, GDA-nyň we Hazarýaka döwletleriniň formatynyň çägindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem ministrler iki ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler.


















