Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş ornynyň döredilendigini aýtdy.
“Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini, möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berlendigini, ýurdyň taryhynda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilendigini aýtdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamagyň, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, ýurduň sebitlerini durnukly ösdürmegiň, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmegiň, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmegiň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmegiň, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


















