Aşgabatda 76 sany ýaşaýyş jaýy, 127 sany kottej ulanylmaga berler

BT
Aşgabatda 76 sany ýaşaýyş jaýy, 127 sany kottej ulanylmaga berler
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylyş dabarasyndan bir pursat, 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýleriniň, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez gurup ulanmaga beriler.

“Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022
ENG TM РУС