Türkmen ilçisi ÝB-niň maliýe ugurlary boýunça mejlisine gatnaşdy

BT
Türkmen ilçisi ÝB-niň maliýe ugurlary boýunça mejlisine gatnaşdy
“Ambassador Insider Series” mejlisi, 2026-njy ýylyň 16-njy fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Belgiýa Patyşalygynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, “The Brussels Times” neşiri tarapyndan guralan we Brýussel şäherinde geçirilen şu ýylyň ilkinji “Ambassador Insider Series” mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Brýusseliň maliýe mümkinçilikleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň umumy ykdysady syýasaty boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Analitik çykyşlar bilen “BNP Paribas” bankynyň baş ykdysadyýetçisi Koen de Leýs hem-de Brýusseliň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Týerri Geerts çykyş etdiler we olar häzirki makroykdysady meýiller hem-de bolup biljek töwekgelçilikler barada baha berdiler.

Türkmenistanyň ilçisiniň bu çärä gatnaşmagy Belgiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň esasy ykdysady ileri tutulýan ugurlary boýunça diplomatik korpusyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen konstruktiw dialogyň alnyp barylmagyna ýardam etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС