“Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň gazçylary Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çägindäki Böwrideşik basgançagynyň günbatar böleginde ýerleşýän Hazarly meýdançasyndaky Hazarly-2 guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Nebit-Gaz” gazetinde habar berildi.
Ekspedisiýasynyň gazçylary buraw işlerini 3 müň metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirip, tebigy gazy ýer astyndaky önümli gatlagyň 2 müň 755 — 2 müň 739 metr aralygyndan aldylar.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gazly guýy her gije-gündizde 163,4 müň kub metr tebigy gaz berýär. Gaz guýusyny burawlamakda gazçylaryň ýurt tarapyndan ýokary hilli önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi burawlaýyş işlerini bildirilýän talaplara doly laýyk ýerine ýetirmeklige ýardam berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzir burawlaýjylar Hazarly meýdançasyndaky Hazarly-3 guýusynda burawlaýyş işlerini alyp barýarlar.
Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki nebit we gaz känlerindäki barlag guýularynda iş alyp barýan “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada, Barsagelmez, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çägindäki Minara meýdançalaryndaky barlag guýularynda gazuw işlerini üstünlikli dowam etdirýärler.


















