Aşgabatda Türkmenistan – ÝB işewürlik forumy geçiriler

BT
Aşgabatda Türkmenistan – ÝB işewürlik forumy geçiriler
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň döwlet baýdaklary

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda 2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Baglanyşygyň we durnukly ösüşiň täze gözýetimleri” atly Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Halkara Söwda Merkezi (ITC) habar berýär.

Forum Ýewropa Bileleşigi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan gurnalyp, Halkara Söwda Merkezi bu çärä hyzmatdaş hökmünde gatnaşar.

Çäräniň esasy maksady Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Forumyň gün tertibi Türkmenistanda “Global Gateway” başlangyjynyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda ulag baglanyşygyny ösdürmek, logistika, energetika hem-de durnukly ösüş meselelerini öz içine alýar.

Işewürlik foruma Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň, şeýle-de halkara maliýe institutlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň çäklerinde göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pudaklaýyn we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen B2B (işewürleriň arasynda) we B2G (işewür bilen hökümetiň arasynda) görnüşindäki duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

2022
ENG TM РУС