Özbegistan – Oman: Türkmenistanyň, Eýranyň ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk ösdürilmekçi

BT
Özbegistan – Oman: Türkmenistanyň, Eýranyň ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk ösdürilmekçi
Mamanbiýa Omarowyň Hamis Al-Şammahi bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 16-njy fewraly, Daşkent, Özbegistan (Surat: Özbegistanyň Ulag ministrligi)

Özbegistan bilen Oman Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman ulag geçelgesiniň ähli gatnaşyjylary bilen bilelikde Aşgabat Ylalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu meselä Özbegistanyň ulag ministriniň birinji orunbasary Mamanbiýa Omarowyň Omanyň ulag ministriniň orunbasary Hamis Al-Şammahiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşenbe güni Daşkent şäherinde geçiren duşuşygynyň dowamynda garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berdi.

Aşgabat Ylalaşygy hökmünde tanalýan “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” ulag geçelge taslamasy Merkezi Aziýany Aýlag ýurtlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag we üstaşyr geçelgäni döretmegi maksat edinýär. Bu başlangyja Gazagystan, Türkmenistan, Eýran, Hindistan, Pakistan we Oman gatnaşýar.

Resminama Ýewraziýa sebitinde arabaglanyşygy pugtalandyrmagy we beýleki halkara ugurlary, şol sanda Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesini utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

2022