“Aýdyň Gijeler” Türkmen-kuweýt işewürlik forumynda önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrdylar

BT
“Aýdyň Gijeler” Türkmen-kuweýt işewürlik forumynda önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrdylar
Türkmen wekiliýeti Kuweýt Döwletinde saparda, 2026-njy ýylyň 16-njy fewraly

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Kuweýt Döwletiniň paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen işewürlik forumynda Kuweýtden hem-de Arabystan ýarym adasyndan gelen hyzmatdaşlaryny öz öndürýän ýokary hilli önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrdylar.

“Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu çäre iki ýurduň işewür wekillerini bir ýere jemledi we Türkmenistan bilen Aýlag ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm platforma öwrüldi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen önümleri forumyň gatnaşyjylarynda uly täsir galdyrdy. Kuweýtli hyzmatdaşlar hödürlenen harytlaryň görnüşine we hiline uly gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegini we sebit bazarlarynda özara gatnaşyklaryň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Eswatini Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bir million SIM-karty we otuz müň alýumin gabaraly LED çyralaryny Patyşalyga ýollamak boýunça anyk ylalaşyklary gazanypdy.

2022
ENG TM РУС